


Täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
Giňişleýin


Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Giňişleýin


«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
Giňişleýin


Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
Giňişleýin


«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi
Giňişleýin


Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady
Giňişleýin


«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy
Giňişleýin


Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi
Giňişleýin


Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy
Giňişleýin


Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
Giňişleýin


“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Giňişleýin


Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy
Giňişleýin


Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
Giňişleýin


Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Giňişleýin


Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Giňişleýin


Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Giňişleýin


Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Giňişleýin


Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Giňişleýin


Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Giňişleýin


Daşoguz atçylyk sport toplumy
Giňişleýin


Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Giňişleýin


Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Giňişleýin


Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
Giňişleýin


«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
Giňişleýin


«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin


Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
Giňişleýin


2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Giňişleýin


Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Giňişleýin


Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin


Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Giňişleýin


Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Giňişleýin


Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Giňişleýin


Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparyny tamamlap, Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, hormatly Arkadagyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewleriň ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurduň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. "Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadag «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagyň we Arkadagly Gahryman Serdaryň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi. P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň ähli agzalarynyň adyndan gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadag “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Lideri ýurduň resmi adamlary garşyladylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar.
