"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

26.12.2025

2026-njy ýyl: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

26.10.2025

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNYŇ JEMLEÝJI GÜNI

2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Aşgabt atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly- haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we

28.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

25.09.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat atçylyk sport toplumyna baryp, ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň hem-de desgada geçirilen döwrebaplaşdyryş işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.