Täzelikler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy
Giňişleýin
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
Giňişleýin
“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Giňişleýin
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy
Giňişleýin
Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
Giňişleýin
Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Giňişleýin
Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Giňişleýin
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Giňişleýin
Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Giňişleýin
Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Giňişleýin
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Giňişleýin
Daşoguz atçylyk sport toplumy
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Giňişleýin
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Giňişleýin
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Giňişleýin
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
Giňişleýin
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
Giňişleýin
«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
Giňişleýin
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Giňişleýin
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Giňişleýin
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Giňişleýin
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Giňişleýin
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Giňişleýin
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin
(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 20-nji apreli)
Hormatly atşynaslar!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Şu ýyl döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy bellenilýän eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan döwletli tutumlar biziň üçin esasy ýol-ýörelgedir. Şoňa görä-de, biz bu başlangyçlary dowam etdirýäris. Milli Liderimiziň başda durmagynda kabul edilen 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamamyz hem hut şu maksada — Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ýaly il-ýurt bähbitli tutumly işleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Biz milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň milli baýramyny ähli halkymyz hem-de dünýädäki ahalteke bedewleriniň janköýerleri bilen bilelikde belläp geçýäris.
Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara serederis. Assosiasiýanyň daşary ýurtlardaky agzalarynyň çykyşlaryny diňläris. Onuň Ýer ýüzünde ahalteke atçylygyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp baran agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakarys. Şeýle hem assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirip ýüz tutan, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny agzalyga kabul ederis. Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň guramaçylyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşarys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Siziň bilşiňiz ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar. Assosiasiýanyň agzalarynyň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar.
Behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.
Biziň bedewlerimiziň tebigy gözelligi, çydamlylygy hem-de özboluşly başarnyklary asyrlaryň dowamynda sungatyň ähli görnüşleri üçin ylham çeşmesi bolup geldi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we ylmy-amaly maslahatlar guralýar. Ýetginjek, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary, atly sport ýaryşlarynyň dürli görnüşleri geçirilýär. Şeýle-de bedewleriň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri guralýar.
Men pursatdan peýdalanyp, siziň ähliňizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrýaryn.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşymda men assosiasiýanyň öňünde durýan esasy wezipeleri belläp geçipdim. Onuň işini mundan beýläk-de talabalaýyk alyp barmak üçin «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde:
— ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmek üçin daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmeli;
— dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmeli;
— ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramaly hem-de olara gatnaşmaly;
— ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmeli;
— ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramaly we olara gatnaşmaly;
— dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmeli;
— dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň daşary ýurtlarda çykyşlaryny guramaly;
— ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamaly hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmeli;
— assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmeli.
Bu işler Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini döwrebap derejede guramak üçin esasy ýörelge bolmalydyr.
Hormatly atşynaslar!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda behişdi bedewlerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň hormatyna ýadygärlik toplumlary we ençeme binalar guruldy. Aşgabat atçylyk sport toplumynda açyk manež, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde döwrebap Aba Annaýew obasy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi ulanmaga berildi. Atçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen täze athananyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem bellemelidiris.
Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Balkan welaýatynda ýetginjekleriň, uly ýaşly hem-de halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklaryny geçireris. Şu maksat bilen, Balkan atçylyk sport toplumynyň durky täzelendi.
Hormatly atşynaslar!
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde atçylygyň, atly sportuň dürli ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri halkara derejede taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ahal welaýatynyň täze gurulýan edara ediş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de atçylyk boýunça Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejede ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Atçylyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan türkmen we daşary ýurtly atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Biz geljekde-de öz ykbalyny atçylyga baglan atşynaslaryň halal zähmetine mynasyp baha bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça möhüm işleri mundan beýläk-de alyp bararys. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri has-da rowaçlandyrarys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Men sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Çeşme TDH