"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

2026-njy ýyl: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi

2026-njy ýyl: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi
TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNYŇ JEMLEÝJI GÜNI
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewe bedew, Şawkat Mirziýoýewe arwana düýe sowgat etdi
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar
Aşgabatda Hytaýyň farfor önümleriniň we atşynaslyga degişli gymmatlyklarynyň sergisi açyldy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär
Ar­ka­dag şä­he­ri­nde Ahal­te­ke at­la­ry şa­ýo­lu­nyň we «Taý­ça­nak» bi­nasy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň 7-si geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewleri sowgat berildi
Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi kesgitlenildi
Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan atyň eýesine «Toýota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulag berildi
Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görülýär
Gurbanguly Berdimuhamedowa milli gyrgyz ak öýi we bedew sowgat berildi
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisine “Toyota Fortuner” kysymly awtoulag sowgat berildi
«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­ Mary welayatynda çykyş etdi
Türkmenabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär
«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady
«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy
Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy
Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Daşoguz atçylyk sport toplumy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösüşi üçin uly tagallalary edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň özboluşly häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi.

Geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.

Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 
Başlygy D.GULMANOWA.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.