


Täzelikler

«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Giňişleýin


Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Giňişleýin


Daşoguz atçylyk sport toplumy
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Giňişleýin


Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Giňişleýin


Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Giňişleýin


Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
Giňişleýin


«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
Giňişleýin


«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin


Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
Giňişleýin


2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Giňişleýin


Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Giňişleýin


Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Giňişleýin


Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Giňişleýin


Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Giňişleýin


Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Giňişleýin


Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Giňişleýin


Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Giňişleýin


Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Giňişleýin


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin


Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Giňişleýin


«Türkmen atlary» döwlet birleşigi 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag şaýolunyň Jülge-Gökdere böleginiň 11-nji kilometrindäki Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Aga Berdiýew köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde ýerleşýän okuw merkezinde çapyksuwarlary taýýarlaýan tölegli 6 (alty) aýlyk okuw kursunyň açylýandygyny habar berýär. Oňa 13 ýaşdan ýokary bolan kabul edilýär.
Çapyksuwar hünäriniň diňleýjileri sapaklary umumy, söhbet, amaly we tejribe okuwlary görnüşinde geçýärler. Önümçilik-tejribe okuwlary ýokary hünärli seýisleriň, çapyksuwarlaryň sapak bermeginde we öwretmeklerinde, atlara ideg etmek, ot-iým bermek, suwa ýakmak, arassalamak, at münmek, atlary seýislemek, çapyksuwarlyk ussatlygyny kämilleşdirmek bilen, athanalarynda, atçylyk sporty toplumlarynda geçirilýär.
Diňleýjiler atçylygyň esaslaryny, atlaryň saklanylyşyny, iýmitlendirilişini, gigiýenasyny, seýisçilik derslerini nazary, amaly we önümçilik-tejribe sapaklarynda öwrenýärler.
«Çapyksuwar» hünär okuwynyň dowamlylygy 6 (alty) aý bolup, hepdede 20 (ýigrimi) sagat, jemi okuwyň dowamynda bolsa 480 (dört ýüz segsen) sagat geçilýär. Okuwyň 60%-i nazary okuwlardan (288 sagat), 40%-i bolsa önümçilik okuwyndan (192) ybaratdyr.
Okuwa ýazylmak üçin şu aşakda görkezilen resminamalar zerurdyr:
- Arza;
- Okaýan mekdebinden (işleýän bolsa, iş ýerinden) okaýandygy (ýa-da işleýändigi) barada kepilnama;
- Saglyk öýünden No086 saglyk ýagdaýy barada, şeýle-de nerw, narkotik we alkogol keselleri saglyk öýünde hasapda durmaýandygy baradaky kepilnama;
- Mekdep ýaşyndaky ýetginjekleriň ata-enelerinden razylyk haty;
- Pasportyň ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;
- 3x4 ölçegdäki suratdan 10 sanysy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
- +99312210231;
- +99312212934.
Ähli resminamalar «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň edara binasynyň 3-nji gatynda kabul edilýär.
