"Turkmen atlary"
State association

News

All news

Gurbanguly Berdimuhamedov congratulated the President of Turkmenistan on the victory of the Galkynyş equestrian group in Monte Carlo

Galkynyş Group Members Awarded 10-Day Trip to Avaza – Turkmen Pearl of the Caspian Sea
Gurbanguly Berdimuhamedov congratulated the President of Turkmenistan on the victory of the Galkynyş equestrian group in Monte Carlo
Each member of the Galkynyş group received a 1,000 euro prize for their success in Monte Carlo
Galkynyş Equestrian Games Group Receives 3 Million Manat Prize from President of Turkmenistan
Serdar Pygyyev awarded the title of "Honored Horse Breeder of Turkmenistan"
Celebrations in honor of the victory of the Galkynyş group at the 47th International Circus Arts Festival were held in Arkadag
Gurbanguly Berdimuhamedov congratulated the members of the "Galkynysh" national equestrian team
Turkmen equestrian group “Galkynysh” took gold at the circus festival in Monte Carlo
National Equestrian Games Group “Galkynysh” Performed in Monte Carlo
A brave Alabay of 2024 has been chosen in Turkmenistan
The IV meeting of the International Association «Turkmen Alabay» was held in Ashgabat
Presentation of the UNESCO Certificate of Inclusion in the Nomination Art of Akhal-teke horse breeding and traditions of horses
Turkmenistan hosts festive horse races to celebrate Independence Day
The Chairman of the People's Council met with children who are interested in horse riding in the city of Arkadag
A national contest was held in Ashgabat
A long-distance horse marathon was held in Turkmenistan
Serdar Berdimuhamedov congratulated the participants of the international event of railway workers in Turkmenistan
The meeting of the managers and responsible representatives of railway transport agencies has started its work
The value of world culture
The President of Turkmenistan took part in the celebrations at the International Akhal-Teke Equestrian Complex
The President made a speech at the 78th session of the UN General Assembly
The President of Turkmenistan participated in the first meeting of "C5+1" multilateral cooperation
The autumn horse racing season has started in the country
Horse show jumping competition at the Ashgabat Equestrian Sports Complex.
Dashoguz Equestrian Sports Complex
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Decree of the President of Turkmenistan
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
“Turkmen Atlary” invites to riding courses
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gutlag hatyny iberip, onda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. TDH-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen bu gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

– Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň buýsanjy bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar. Olaryň oýunlary sirk we baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýyp, ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar oýunlaryň dürli tärlerine eýe bolandyklaryny ussatlyk bilen görkezýärler. Toparyň agzalarynyň ýyndam ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleri, täsin milli at üstündäki oýunlary bu gün dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

«Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp boldy. Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan ajaýyp üstünlik hem ýyndam ahalteke bedewleriniň abraýyny has-da belende göterdi. Toparyň abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri berkarar döwletimizde atşynaslygy ösdürmekde, ýaşlarymyzda sporta, bedew ata söýgi döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ölçeglere laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň irginsiz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Milli atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga, şeýle-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.