News
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
The Chairman of the People's Council met with children who are interested in horse riding in the city of Arkadag
More
A national contest was held in Ashgabat
More
A long-distance horse marathon was held in Turkmenistan
More
Serdar Berdimuhamedov congratulated the participants of the international event of railway workers in Turkmenistan
More
The meeting of the managers and responsible representatives of railway transport agencies has started its work
More
The value of world culture
More
The President of Turkmenistan took part in the celebrations at the International Akhal-Teke Equestrian Complex
More
The President of Turkmenistan participated in the first meeting of "C5+1" multilateral cooperation
More
The President made a speech at the 78th session of the UN General Assembly
More
The autumn horse racing season has started in the country
More
Horse show jumping competition at the Ashgabat Equestrian Sports Complex.
More
Dashoguz Equestrian Sports Complex
More
Decree of the President of Turkmenistan
More
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
More
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
More
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
More
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
More
“Turkmen Atlary” invites to riding courses
More
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
More
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
More
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
More
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
More
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
More
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
More
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
More
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
More
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
More
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
More
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
More
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
More
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
More
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
More
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
More
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
More
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
More
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.
Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar.
Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen sungatynyň miwesidir. Pederlerimiz ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns beripdirler. Häzirki döwürde seýisçilik işi döwrebap ösdürilip, onda halkymyzyň toplan baý tejribesi öňdebaryjy ylmy usullar bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ahalteke bedewleri hemişe türkmeniň wepaly dosty bolupdyr. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň täsinligi bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda seýisçilik sungatyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalary arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň täzeden dikeldilmegine, goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine, bedewleriň baş sanynyň köpeldilmegine, döwrebap ugurdaş düzümleriň döredilmegine, sportuň at üstündäki görnüşleriniň, milli at üstündäki oýunlaryň giňden wagyz edilmegine giň ýol açdy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn gatnaşyklara täze itergi berildi, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhraty has-da belende göterildi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleri barada birnäçe ajaýyp eserleri döretdi. Dünýäniň köp diline terjime edilen hem-de ylmy seljermäniň, taryhy we häzirki zaman maglumatlarynyň esasyny özünde jemleýän bu kitaplar daşary ýurtly hünärmenlerdir alymlar, umuman, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin gymmatly gollanmadyr.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler hem-de behişdi bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi giň gerimde geçirilýär. Geçen ýyl Aşgabatda Arkadagly Serdarymyzyň — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu assosiasiýalaryň merkezi açyldy. Munuň özi parasatly pederlerimiziň adamzada peşgeş beren gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezdi.
Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Düýn — 27-nji sentýabrda behişdi bedewler paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen dabaraly ýörişde hem özleriniň gözelligini görkezdiler. Ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan at çapyşyklary behişdi bedewleri we türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyny synlamaga mümkinçilik berýär.
...Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşen hem-de baýramçylyk çapyşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny ir säherden uludan tutulýan türkmen toýunyň şowhuny gurşap aldy.
Hemmeler ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere gadyr goýýan ussat çapyksuwar bolmak bilen, asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň belende galmagyna, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine uly üns berýär.
Dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak ussatlygyny görkezen bagşy-sazandalaryň toparynyň çykyşy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde halk döredijiliginde gözelligiň, wepalylygyň, dostlugyň, asyllylygyň, edermenligiň, Watana bolan söýginiň nyşany bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Behişdi bedewleriň keşplerine gadymy rowaýatlarda, dessanlarda, şeýle hem türkmen bedewlerine haýran galan daşary ýurtly awtorlaryň taryhy maglumatlarynda duş gelmek bolýar. Geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da ganatly bedewler tükeniksiz döredijilik ylhamynyň gözbaşy bolup, ol sungatyň ähli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar. Behişdi bedewleriň çeperçilik keşplerinde çuňňur many-mazmun bar. Häzirki döwrüň ussatlary öz eserlerinde ýokary baha mynasyp bolan ahalteke bedewlerini wasp edýärler.
Ýol ugruna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow muzeý gymmatlyklary görkezilýän giň gerimli sergini synlady. Bu ýerde paýtagtymyz we ýurdumyzyň bäş welaýaty öz gymmatlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Baýramçylyk sergisi milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň görnüşleri, özboluşly halk senetçiligi, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Sergi gymmatlyklarynyň arasynda at esbaplarynyň nusgalary bar. Ussalar şol esbaplary taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşýärler. Gadymy döwürlerde dörän aty bezemek däbi hem mähriban halkymyzyň bedewlerini çäksiz söýýändiginiň, olara mähir bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňki döwürlerde şeýle bezegler goranyş wezipesini hem ýerine ýetiripdir we gözden-dilden goramagyň serişdesi bolup hyzmat edipdir. Bu ajaýyp däpler häzirki zaman ussalarynyň zehinli işlerinde öz beýanyny tapýar. Olaryň inçelik bilen ýasan bezeg şaý-sepleri ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de atlaryň gözelligini açyp görkezýär.
Şeýle-de sergide halk senetçiliginiň dürli önümleri, şol sanda ussat zergärleriň işleri, halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalary, türkmen gyz-gelinleriniň el işleri, küýzegärlik önümleri, milli saz gurallary, türkmen milli lybaslary, öý goşlary, zähmet gurallary, sowgatlyk önümler görkezilýär. Mahlasy, şu gezekki sergi türkmen halkynyň köptaraply zehininiň, zähmetsöýerliginiň, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde göreş tutýan pälwanlar öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Baýramçylyga ýurdumyzyň sungat ussatlary hem öz döredijilik sowgatlary bilen gelipdirler.
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy münber binasynda özi üçin niýetlenen ýere barýar.
Soňra baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berilýär. Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň abraýynyň artmagyna hem-de oňa ýaşlary çekmäge ýardam berýär. Şu gün ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. Çekeleşikli bäsleşikler köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.
Ýeri gelende aýtsak, at çapyşyklary çapyksuwarlar üçin özboluşly synagdyr. Sebäbi atçylyk sporty çapyksuwardan diňe bir degişli taýýarlygy däl, eýsem, onuň bedewlere yhlasyny, olara düşünmek başarnygyny hem talap edýär. Şunda bedewlere dogry tälim bermek möhüm şert bolup durýar. Ahalteke bedewleri buýsançly gylygy hem-de hyjuwlylygy bilen tapawutlanýar, şol bir wagtyň özünde çapyksuwar babatda ösen duýgurlygyny görkezýär. Çapyksuwaryňdyr bedewiň arasyndaky özara düşünişmek we ynam bedewlere tälim bermegiň milli ýörelgesiniň aýratynlygydyr. Türkmen seýisleri bu ugurda ýokary ussatlyk görkezýärler. Yzygiderli, tutanýerli türgenleşikler bilen bir hatarda, sportuň bu görnüşinde üstünlik gazanmak üçin köp babatda çapyksuwaryň we bedewiň sazlaşygy zerurdyr.
Ahalteke bedewleriniň ýeňil, sazlaşykly aýak urşy olary asmanda uçup ýören ýaly görkezýär. 1600 metr aralyga ilkinji üç çapyşykda üçýaşar bedewler ýaryşdylar. Geçirilen ilkinji çapyşykda 1 minut 48,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Döwran atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 50,5 sekunt netije bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň Bäsleşik atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.
Üçünji çapyşykda 1 minut 49,4 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Günaý atly dor gysrak görkezdi. Onuň çapyksuwary M.Kiçigulow.
Galan çapyşyklarda dörtýaşar we ondan uly bedewler ýaryşdylar. 1800 metr aralyga dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Ýantar atly dor aty geldi. Ol 2 minut 05,8 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow. Şolar ýaly aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda 2 minut 02,0 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary G.Begliýew. 2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Ýagmyr atly dor aty 2 minut 36,20 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Begliýew.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 2200 metr aralykdaky jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol 2 minut 31,3 sekunt netije görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 1 — 6-njy çapyşyklaryň ýeňijilerine 100 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Ýedinji çapyşykda ýeňiji bolan çapyksuwara hormatly Prezidentimiziň baýragy — 300 müň manat möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny höweslendirmek we ösdürmek, seýisleri taýýarlamak, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak ugrunda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, at çapmagyň şöhratly däplerini aýawly saklamak we dowam etdirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary örän ajaýyp we gyzykly tomaşa öwrüldi. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk hem-de ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi şunuň ýaly ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Dünýäde türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatly mirasy bolan ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ahalteke bedewleriniň iň naýbaşy ugurlarynyň birine degişli bolan meşhur Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň hem-de çapyksuwarlaryň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilen iri gözden geçirilişlerde, sirk festiwallarynda ýeňiji bolandygy bellärliklidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýurdumyzyň çäginden daşarda-da uly meşhurlyga eýe boldy. Zehinli çapyksuwarlary we atşynaslary özünde jemleýän bu topar halkara bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” toparynyň at çapmak babatdaky ýokary ussatlygy, onuň agzalarynyň ýerine ýetirýän täsin akrobatik tilsimleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrýar.
At çapyşyklary bilen bir hatarda, häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk sportunyň beýleki görnüşleriniň, şol sanda konkuryň ösdürilmegine-de uly üns berilýändigini bellemek gerek. Sportuň bu görnüşi ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Mysal üçin, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän at çapyşyklar we uzak aralyklara marafonlar bilen birlikde, konkur boýunça ýaryşlary guramak hem asylly däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, atçylyk sportunyň bu Olimpiýa görnüşi 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Bularyň ählisi ahalteke bedewleriniň mümkinçiliklerini doly açmak, olaryň halkara sport giňişliginde täze rekordlary goýmagy hem-de ýeňişlere eýe bolmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çapyşyklary tamamlandy. Bu bäsleşikler oňa gatnaşan tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyna beslenen gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygynyň beýanyna öwrüldi.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Çeşme: TDH