"Turkmen atlary"
State association

News

All news

Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär

Serdar Berdimuhamedov congratulated the participants of the international event of railway workers in Turkmenistan
The meeting of the managers and responsible representatives of railway transport agencies has started its work
The value of world culture
The President of Turkmenistan took part in the celebrations at the International Akhal-Teke Equestrian Complex
The President of Turkmenistan participated in the first meeting of "C5+1" multilateral cooperation
The President made a speech at the 78th session of the UN General Assembly
The autumn horse racing season has started in the country
Horse show jumping competition at the Ashgabat Equestrian Sports Complex.
Dashoguz Equestrian Sports Complex
Decree of the President of Turkmenistan
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
“Turkmen Atlary” invites to riding courses
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ähli döwürlerde hem halkymyzyň wepaly syrdaşy, şöhratly taryhynyň bezegi bolup geldi. Täze taryhy eýýamda bedewleriň çyn janköýeri we olara sarpa goýýan, at çapmagyň ussady hem-de atçylyk sportuny yzygiderli wagyz edýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde eziz Diýarymyzyň täsin atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etdirmek, bu gadymy sungaty has-da ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji oktýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň şu künjeginde bolup, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary bermeginden hem göz ýetirmek bolýar.

Şonda milli Liderimiz görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ozal gurlan we bu gün netijeli iş alyp barýan şeýle toplumlar ýaly, täze athananyň hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, çapyşyklara taýýarlamak seýisleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilmelidir.

Şunuň ýaly desgalaryň binagärlik keşbinde öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, milli binagärligiň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr, dolandyryş ulgamlarynda innowasiýalar we sanly tehnologiýalar peýdalanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dagy etekläp oturan we türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Aba Annaýew obasy hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjek täze athananyň gurluşygynda bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, milli Liderimiz bu saparynyň barşynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyna ynanyldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi. Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar desgasy gurlar. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda atlary gözden geçirmäge niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Toplumyň hojalyk bölümine her biri höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, mallaryň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de birnäçe kömekçi desgalar girer. Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler.

Athanada saklanyljak bedewleri iým bilen üpjün etmek maksady bilen, üsti ýapyk ammaryň we iki açyk ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary we ulag serişdeleri üçin awtoduralgalaryň ikisini, birnäçe tehniki binalary gurmak meýilleşdirilýär. Toplumyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler.

Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasynda amala aşyrylar. Şeýlelikde, bina ediljek döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen, onuň atşynaslygyň iň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň birine öwrülmegi göz öňünde tutulýar.

Arassa dag howasy hem-de mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy-howa aýratynlyklary giň ýaýla atlary we taýlary saklamaga oňaýly gurşawy döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, behişdi atlara ideg etmek, olary türgenleşdirmek, sport taýýarlygy boýunça işler gadymy milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýyndamlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen meşhur bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam berer.

Bu gün tohumçylyk-seçgiçilik mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullar we guramaçylykly çemeleşmeler, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar, şoňa görä-de, olaryň ajaýyp genofondy aýawly goralyp saklanylar hem-de milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljekki nesillere geçiriler.

Türkmenistanda atşynaslygy dünýä derejesine çykarmaga, bu ugurda hünärmenleriň häzirki zaman nesillerini kemala getirmäge, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, iň täze hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän enjamlar bilen üpjün edilen täze atçylyk toplumlaryny gurmaga gönükdirilen çäreler bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerimlidigine şaýatlyk edýär.

...Döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Täze gurluşygyň düýbüniň tutuljak meýdançasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary guraldy. Artistler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly işlerini hem-de belent döredijilik ruhuny joşgunly wasp etdiler.

Dabarada çykyş edenler soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk sportunyň işjeň ösdürilýändigini, milli atşynaslygyň dünýädäki abraýyny hem-de behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygyny buýsançly belläp, arassa ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, ady rowaýata öwrülen tohum atlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak baradaky aladalary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler.

Dabaranyň çäginde ýörite gurnalan meýdançada ahalteke bedewleriniň görkezilişi geçirildi. Atlar öz daş keşbiniň gözelligini we başarnygyny görkezip, deňsiz-taýsyz owadan kamaty bilen hemmeleri maýyl etdi. Her adamda gözellik barada öz düşünjesi bolsa-da, ahalteke bedewleri babatda aýdylanda, olaryň özüne çekijiliginiň hem-de gözelliginiň gizlin güýjüniň täsirinden haýran galman durup biljek adamy tapmak kyndyr. Ahalteke atlarynyň arassa ganly tohumlary seýisleriň tagallalary bilen döredilen hakyky genji-hazynadyr, ajaýyplykdyr.

Asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bedewlerimiz örän köp meňzetmelere mynasyp boldy. Türkmenler öz atlaryna adamkärçiligiň belent häsiýetlerini we sypatlaryny berip, olarda tebigy sazlaşyk bilen birlikde, asyllylygy, mähribanlygy, dostanalygy, başarnygy hem-de duýgurlyk häsiýetlerini görýär. Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda giňden beýan edilýär.

Mahlasy, şu gün badalga berlen, dünýä ölçegleriniň talaplaryna kybap gelýän döwrebap athananyň gurluşygy tohum we sport atçylygynyň toplumlaýyn düzümini ösdürmekde, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrmakda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde, bu ulgamda türkmen hünärmenleriniň täze neslini terbiýelemekde nobatdaky ädime öwrüldi.

Çeşme TDH