"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

22.01.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparyny tamamlap, Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. TDH-niň habar berşi ýaly, hormatly Arkadagyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.

21.01.2025

«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirildi we oňa Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem gatnaşdy.

19.01.2025

Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilýär. Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary hem bu festiwala gatnaşýar. HHM-niň habar bermegine görä, festiwalyň çäklerinde türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezdiler.

27.10.2024

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde Türkmenistanda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy --- 2024” atly halkara bäsleşik geçirildi.