"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

14.03.2025

«Gal­ky­nyş» mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­ Mary welayatynda çykyş etdi

10 — 12-nji mart ara­ly­gyn­da Mary we­la­ýa­tyn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy jemi 18 müň ada­my öz goý­nun­da jem­le­di. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

06.03.2025

Türkmenabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär

5-nji fewralda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Türkmenistanyň Döwlet sirki we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen bilelikdäki çykyşlary guraldy.

02.02.2025

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Onuň barşynda bu topara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýragy gowşuryldy.

01.02.2025

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 3 million manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.