"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Meşhur atşynaslar

Meşhur atşynaslar

(1917-1996)

Babaly Taýmaz

Türkmen topragynda wagtynda uly yz goýup giden adamlaryñ biride Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar Babaly Taýmaz (1917-1996) oglydyr. Babaly aga-da öz ömrüni meşhur bedewlere bagyş eden görnükli seýisleriñ biri. Bu seýisiñ irginsiz zähmeti onuñ seýisçiliginiñ özboluşly ugrynyñ bolmagyna getirdi. Babaly seýisden ahalteke atlarynyñ haýsysy bara-da sorasañ neslini barmak bükip, sanap, yzarlap aýdyp bilen adam.   Bu gojanyñ her iki sözüniñ biri at barada bolan. Ine onsoñ at barada söz açyp, söhbet edilende, 1956-njy ýylda iñlis korolewasy Ýelizaweta II sowgat berlen «Babaraplylaryñ» meşhur «Meleguşyny» ýatlaman geçip bilmezdi. Şonda «Meleguşyñ» edýän oýunlaryny, onuñ boýuny, başyny dik tutup, seýkin basyp, üýtgeşik bir ýöriş edip, birdenem ajaýyp gyýa bakyp, ençe wagtlap doñup durşuny, taryp etmäge söz gerek diýerdi. Haçanda iñlisler «Meleguşyñ» gün şöhlesine müñde bir öwsün atýan reñkine gözleri düşende Babaly agadan atyñ reñklenen bolaýmasyn diýip, ýuwmagy haýyş edenler. Dogabitdi Tagrynyñ nazary siñen bu bedew ýuwlandan soñ has-da gara bulydy ýaryp çykan älemgoşar kimin müñdebir öwsün atmazmy. Babaly Taýmaz ogly öz ömrüniñ dowamynda şeýle bedewleri ösdürip ýetişdiren, öz hünärini il-güne öwredip giden ussat seýisleriñ, çapyksuwarlaryñ biri bolup geçdi.