"Turkmen atlary"

State association

Famous riders

Famous riders

(1924-1997)

Taýly Taýmazaw

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Işine ussat seýsiñ bu ugra ilkinji gadamy 1938-njy ýylda Aşgabadyñ atçylyk zawodynda kömekçi seýis bolmaklygy bilen başlanýar. Şondan soñra birnäçe halypa seýisleriñ atyny çapyp, olaryñ edýän ündewlerini bir kemsiz ele alyp, öz ukybyny il-güne ussat çapyksuwar hem seýis hökmünde tanadýar. Ýöne Taýly aganyñ esasy halypasy Gaýypy seýis bolan. Beýik ussatdan tälim alan Taýly aga öz döwründe Maral, Garamaşal, Serdar, Farfor, Pakyr-Pälwan diýen meşgur atlary çapan hem ösdürip ýetişdiren hünärine ezber ussat bolan adam. Şoña görä-de Taýly aga türkmen seýisçiliginiñ köp syrly usullaryny bilýän halypalaryñ biri hasaplanypdyr. Ondan seýisçilik barada sorasañ, onuñ ýaly syrly zat bolmaz. Ol syrlar her bir adamda, edil şonuñ ýalam her bir atda başgaçadyr diýer. Seýis diýeniñ kalby gudratly bolmaly, onuñ öz boluşly duýgurlygy, añy-üşügi, sabyr kanagady   bolmaly diýer, beýik ussatlary ýatlap bolsa «men ömrümde Gaýypy ýaly hasaply seýis, Ata Ilew ýaly biçiwli çapan çapyksuwar görmedim» diýip, gürrüñ berşini biz Geldi aga bilen atşynaslyk barada eden söhbetlerimiziñ köpüsinde eşderdik.