Famous riders
Babaly Taýmaz
(1917-1996)
Türkmen topragynda wagtynda uly yz goýup giden adamlaryñ biride Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar Babaly Taýmaz (1917-1996) oglydyr. Babaly aga-da öz ömrüni meşhur bedewlere bagyş eden görnükli seýisleriñ biri. Bu seýisiñ irginsiz zähmeti onuñ seýisçiliginiñ özboluşly ugrynyñ bolmagyna getirdi. Babaly seýisden ahalteke atlarynyñ haýsysy bara-da sorasañ neslini barmak bükip, sanap, yzarlap aýdyp bilen adam. Bu gojanyñ her iki sözüniñ biri at barada bolan. Ine onsoñ at barada söz açyp, söhbet edilende, 1956-njy ýylda iñlis korolewasy Ýelizaweta II sowgat berlen «Babaraplylaryñ» meşhur «Meleguşyny» ýatlaman geçip bilmezdi. Şonda «Meleguşyñ» edýän oýunlaryny, onuñ boýuny, başyny dik tutup, seýkin basyp, üýtgeşik bir ýöriş edip, birdenem ajaýyp gyýa bakyp, ençe wagtlap doñup durşuny, taryp etmäge söz gerek diýerdi. Haçanda iñlisler «Meleguşyñ» gün şöhlesine müñde bir öwsün atýan reñkine gözleri düşende Babaly agadan atyñ reñklenen bolaýmasyn diýip, ýuwmagy haýyş edenler. Dogabitdi Tagrynyñ nazary siñen bu bedew ýuwlandan soñ has-da gara bulydy ýaryp çykan älemgoşar kimin müñdebir öwsün atmazmy. Babaly Taýmaz ogly öz ömrüniñ dowamynda şeýle bedewleri ösdürip ýetişdiren, öz hünärini il-güne öwredip giden ussat seýisleriñ, çapyksuwarlaryñ biri bolup geçdi.
Baba Annaseýidow
(1939-1975)
Baba Annaseýidow (1939-1975)- Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Bu ussadyñ geçen ýoly, galdyran yzy ýatlarlyga mynasypdyr. Ol ahalteke atlary bilen Aşgabadyñ, Moskwanyñ, Pýatigorskiniñ, Tbilisiniñ, Krasnodaryñ, Don boýundaky Rostowyñ aýlawlarynda köp gezek ýaryşa goşulyp, ýeñiji bolup, uly märekäniñ şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan türkmen ýigitleriniñ biri. Ol ussat çapyksuwar, hem seýis hökmünde ýatlanýar. Baba aga elmydama at çapjak ýetginjeklere her bir atyñ öz aýagyna görä, onuñ güýjini ýeri gelende ulanmagy ündeýärdi. «Şuny añlap bilseñiz her biriñiziñem atyñyz sizi ýüzigara etmez» diýip sargardy diýip, Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar Ilmyrat Agamyradow gürrüñ berdi. Bu onuñ özboluşly, biçiwli at çapmagynyñ we şonuñ ýaly hem at seýislemeginiñ inçe tilsimidi. Häzir Baba aganyñ şol öz boluşly atçynaslyk ugryny ele alan ogullary ussat çapyksuwar bolup ýetişdiler.
Ata Ilew
(1936-1990)
Ata Ilew (1936-1990) - Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Çagalygy uruş döwrüne gabat gelen bu ýetginjegiñ hakyky ady Nazar bolup (Ata ady dakylan ), onuñ ýaşlygyndan gözüni açyp göreni at, ilkinji suw-ot berip başyny tutany at, üstüne müneni at bolansoñ ýaşajyk Atanyñ gelejeginiñ uly boljagy gümansyzdy. Ata Ilewi belli seýis D.T.Klimenko bu ugra has içgin ugrukdyran adam. Gelejekki ussat seýis we çapyksuwar hut şu ýerdenem atçynaslyk sungatyna has içgin aralaşyp, özüniñ ilkinji şöhratly ýeñişlerini gazanyp ugraýar. Ata Ilewiñ seýislän we çapyksuwarlyk eden atlary Aşgabatdyñ, Moskwanyñ, Pýatigorskiniñ, Tiblisiniñ, Krasnodaryñ, Don boýundaky Rostowyñ aýlawlarynda ençe gezek ýeñiş gazandylar. Bu ussat barada söz açan, her bir adam onuñ ussat çapuksuwarlygy barada dil ýarman oturyp bilmez.