"Türkmen atlary"
döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi

«Galkynyş» toparynyň agzalaryna Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük ýollanma berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
«Galkynyş» toparynyň agzalarynyň hersine müň ýewrodan baýrak gowşurmaga ygtyýar berildi
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny 3 million manat pul baýragy bilen sylaglady
Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna Arkadag şäherinde dabara geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gutlady
«Galkynyş» topary Monte-Karlo halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy
Türkmenistanyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda çykyş etdi
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi
“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylyga höwes bildirýän çagalar bilen duşuşdy
Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi
Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi
Serdar Berdimuhamedow demir ýol işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän halkara çäresine gatnaşyjylary gutlady
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy
Ýurdumyzda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi.
Daşoguz atçylyk sport toplumy
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi.
«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň 2-nji tapgyry.
«Türkmen atlary» at çapmak boýunça okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Halkyň ruhubelentligi hem-de döredijilik ylhamy — Watanymyzyň Rowaçlygy
2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berildi.
Ahal welaýatynda meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumenti gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususan-da, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu dabaraly çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri we beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäreler Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň ýanynda başlandy. Ilki bilen, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, köp sanly dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler hem-de bu ýerden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atly topary bilen bilelikde atly ýörişli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atly toparynyň iki sany atly serkerdesi ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bilen atly ýörişiň öňüni çekdiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewleriň üstünde hem-de ýörite paýtunda halkara ýaryşda mynasyp bolan baýraklaryny ellerinde alyp bardylar. Olar şäheriň Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap baryşlaryna ýol ugrunda elleri baýdakly, gülli Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar toparyň agzalaryny dabaraly garşyladylar, şeýle-de ýörite bellenen ýerlerde döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada duz-çörek hödür edildi we il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar olary garşy alyp, gazanan uly üstünlikleri bilen gutladylar. Toparyň agzalary hem-de dabara gatnaşyjylar bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.