"Türkmen atlary"
государственное объединение

НОВОСТИ

Все новости

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralara gatnaşdy
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisindäki Çykyşy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy
Behişdi bedewleriň watany Türkmenistanyň atçylyk düzümi ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary boldy.

Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly döredijilik güýji bilen gadam goýmagynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. “Behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi türkmen atlarynyň şanyna guralýan esasy baýramçylyk çäreleriniň biridir. Täsin, gyzykly bu gözden geçiriliş atçylyk däpleriniň ösdürilmegine itergi bermäge, halkymyzyň baý medeni mirasynyň ajaýyp bölegi, täsin ösüşlere ýetiren hadysa hökmünde bu tohum atlara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Ir ertirden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy myhmanlary hem-de baýramçylyga gatnaşyjylary toý ruhunda garşylady. Bu toplum gözelligiň we sazlaşygyň iň naýbaşy derejesi bolan behişdi bedewleriň hormatyna her ýyl bäsleşigiň geçirilýän ýerine öwrüldi. Hemme ýerde döredilen uly türkmen toýuna mahsus görnüşler — joşgunly aýdym-sazlar, ýurdumyzyň iň oňat döredijilik toparlarynyň görkezýän çykyşlary göwünleri galkyndyrýar.

Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary garşylaýarlar. Şeýle-de bu ýere saýlap alan kärine ykbalyny baglap, ajaýyp üstünlikleri gazanan abraýly atşynaslar, atlaryň täsin dünýäsi bilen bagly bolan ol ýa beýleki pudaklarda zähmet çekýän ussat hünärmenler ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, atçylyk toplumynyň çäklerine geçýär. Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary we döredijilik toparlary döwlet Baştutanymyzy ajaýyp çykyşlar bilen garşylaýarlar. Milli baýram mynasybetli gutlaglar ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş binasynyň iç ýüzündäki meýdança gelip, özi üçin niýetlenen ýere geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ähli asylly başlangyçlary hem-de arassa ganly ahalteke tohum atlary, onuň özboluşlylygyny gorap saklamak we dünýä medeniýetiniň ajaýyp gymmatlygy hökmünde ähmiýeti, şeýle-de milli atçylyk pudagyny, atçylyk sport mekdebini kämilleşdirmek, onuň bu ugurdaky halkara işlere ýakynlaşmagy bilen bagly meselelere yzygiderli üns bermegi halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, 20-nji aprelde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisini bellemek zerurdyr. Foruma sanly ulgam arkaly bu abraýly guramanyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar. Guramanyň düzümine Ýer ýüzüniň 30-dan gowrak döwletiniň wekilleri girýär. Şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň baş sany hem-de olara sarpa goýýan adamlaryň sany barha artýar.

Bu gün pudagyň ylmy esasda yzygiderli ösdürilmegine, halkara ýaryşlary geçirmäge niýetlenen häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurluşygyna hem-de onuň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däplerinden başga-da, türkmen atşynaslarynyň hyzmatynda dünýä ylmynyň gazananlary, häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary, pudagyň öňdebaryjy hem-de ösen düzümleri bar.

Atçylyk pudagynyň ösdürilmegine goşmaça itergi bermek, at çapyşyklarda hem-de atly sportuň dürli görnüşleri, hususan-da, päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) we çapyksuwarlaryň arasyndaky çapyşyklar boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri üçin türgenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, köp sanly halkara bäsleşikleriňdir festiwallaryň ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şowly çykyşlaryny nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaş nesilleri terbiýelemekde milli däpleriň dowamat-dowam bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Özleriniň alyp barýan işlerine uly üns berýändigine hoşallygyň nyşany hökmünde hem-de ajaýyp waka mynasybetli saýlama ahalteke bedewlerini sowgat kabul etmegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş edilýär.

Ýurdumyzyň her welaýatyndan we paýtagtymyzdan bedewler biri-biriniň yzyndan meýdança çykarylýar. Şolar bilen birlikde, nobatma-nobat sebitleriň ýolbaşçylary hem-de ýaş nesilleriň wekilleri orta çykýarlar.

Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Diýarym, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Perzent, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gündogar, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Belent, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan bolsa Meledepel diýen at sowgat berildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gerçek atly bedew sowgat berildi.

Ýene-de bir sowgat ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan boldy. Syn ediş meýdançasyna 2019-njy ýylda doglan, Edep we Aýgül diýen atlaryň neslinden hem-de şöhratly Gyrsakar diýen atyň ugruna degişli bolan Galkynyş diýen ajaýyp at çykarylýar, onuň bilen tanyşdyrylýar we şahadatnamasy gowşurylýar.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlardan baýramçylyga gatnaşýan hormatly ýaşululara, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe eýerip, mähriban enesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny Galkynyş diýen bedewiň boýnuna daňýar. Munuň özi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we ýagşy dessurlaryň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra döwlet Baştutanymyz at üstünde hormat ýörişini ýerine ýetirdi. At tejribeli çapyksuwary duýup, berilýän buýruklary doly ýerine ýetirmek bilen, tomaşaçylara üýtgeşik, gelşikli hem-de syratly hereketlerinden lezzet almaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen hem-de dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ahalteke atçylyk sungatyny girizmek baradaky teklip öňe sürüldi. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş halkara sergiler we maslahatlar, ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri behişdi bedewleriň bütin dünýäde wagyz edilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry baýramçylyk dabaralarynyň ajaýyp pursatlarynyň biri boldy. Bu şüweleň her gezek ussat janköýerleri hem, ähli tomaşaçylary hem haýrana goýýar.

Deslapky tapgyrlarda Aşgabatdan, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan ahalteke tohum atlarynyň saýlanyp alnan iň oňat wekilleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

Şol atlaryň her birini eminleriň öňünden iki gezek geçirdiler. Birinji gezekde bedewler meýdança bezegsiz görnüşde, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen doly bezelen we halyça arkaly eýerlenen görnüşde gelýärler. Türkmenler gadymdan bäri wepadar dosty bolan ahalteke bedewlerine mährini siňdirip, olary altyndyr kümüş hem-de dürli gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäpdirler.

Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we köpçülige görkezilýär. Jemleýji tapgyra çykan atlaryň hemmesi ol ýa-da beýleki meşhur nesil ugruny dowam edýär. Şunda behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly atlary seçgiçilik taýdan ýetişdirmekde esasy şahalaryň düýbüni tutan ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşlaryna baha bermäge mümkinçilik aldylar. Atlar kaddy-kamaty bilen öz daşky sypatlaryny we okgunly ukybyny saklap bilýän başarnygyny görkezip, beden gurluşlarynyň nepisligi hem-de deňsiz-taýsyz ölçegleri bilen haýran galdyrdylar.

Bäsleşigiň jemini jemlemegiň we abraýly emin agzalarynyň çözgüdini yglan etmegiň wagty geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Melebaş diýen aty 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda doglan ajaýyp bedew Gerdeniň we Ýelgamagyň nesli bolup, ol şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişlidir. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Atyň seýsi gymmatly serpaý hem-de behişdi bedewleriň köpeldilmegine üns berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi. Ol bu ugurdaky işleri türkmen atşynaslarynyň mundan beýläk-de mynasyp dowam etjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary hem yglan edildi.

Ahalteke atlary milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Döredijilik bäsleşiginiň baş maksady olaryň tebigy ajaýyplygyny, özboluşly häsiýetlerini hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Gadymy döwürlerden bäri we biziň günlerimize çenli sungatyň dürli görnüşleriniň wekilleri öz eserlerinde bedewe bolan söýgüsini, onuň wepadarlygyny, syrdamlygyny, akyllylygyny, çapyp bilmek aýratynlyklaryny wasp edýärler, şeýle-de halkyň zehinini ebedileşdirýärler. Çünki şunuň ýaly kämil tohum atlary ýetişdirmek ençeme nesilleriň döredijiliginiň, biliminiň, sabyr-kanagatynyň we egsilmez döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir. Häzirki zaman türkmen sungatynda behişdi bedewler gözelligiň hem-de sazlaşygyň naýbaşy nusgasyna öwrüldi.

Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilen işler iň nepis haly üçin, naýbaşy şaý-sepleri, bezeg lybaslary üçin, türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri üçin, iň gowy neşir önümi üçin, fotosuratlar, iň gowy telewizion şekiller üçin diýen ugurlara laýyklykda saýlanyp alyndy.

Ýeňijilere — Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Gutlyýewe “Halkyň Arkadagly zamanasy”, “Asyrlaryň aňyrsyndan görünyän türkmen taryhy”, “Şagadam” atly eserleri; zergär M.Annaýewe “At şaý-sep toplumy” diýen atlaryň bezeg şaý-sepleri; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy B.Soltanowa “Türkmen bedewi” atly nakgaşçylyk eseri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar — “Tolkun” telewizorlary we şahadatnamalar gowşuryldy.

Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nury Sary adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy P.Patdykowa “Galkynyş topary: Akhan, Kanun. Ruhubelent” atly heýkel toplumy; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby H.Garajaýewe “Kanunyň portreti” atly fotoişi; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Gylyjowa “Gözel bedewler” atly wideoşekilli işi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyndan sylaglar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri öz döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine tagallalaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna, mundan beýläk-de olaryň keşbini öz döredijilik eserlerinde beýan etjekdiklerine ynandyrdylar.

Meşhur ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary dabaralaryň tamamlaýjy tapgyryna öwrüldi. Döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň kalby buýsanja we bagtyýarlyga doly belent duýgulary beýan edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Çeşme TDH