"Türkmen atlary"

döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

Meýdan atlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär

Meýdan atlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär
Atly sport - Konkur
Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen Hormatly at döredildi
Lebap welaýaty toý toýlady
BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI

Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ata babalarymyzdan myras galan milli atşynaslyk ýörelgesi döwrebap derejede ösdürilýär.

Müňýyllyklardan gözbaş alan türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi ýaly, dünýä nusgalyk milli gymmatlygyň kemala gelmegine ýardam etdi.

Şu günki günde Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan atşynaslyk ýörelgesi häzirki zaman talabyna we ylmyň ösen derejesine laýyklykda kämilleşdirilýär.
Türkmen sähralarynda hem-de dag eteklerinde mekan tutan meýdan atlaryny ylmy taýdan öwrenmek bu babatda alnyp barylýan işleriň möhüm ugrudyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan hem-de beýleki degişli düzümleriň wekillerinden düzülen ylmy topar golaýda Balkan welaýatynda iş saparynda boldy.

Saparyň maksady bu künjekde bar bolan meýdan atlaryny, olaryň aýratynlyklaryny hem-de bolýan ýerlerini ylmy taýdan öwrenmek bolup durýar. Häzirki döwürde meýdan atlarynyň sürüleri Türkmenbaşy etrabynda, hususan-da, Hazaryň kenar ýakalarynda, “Guwlymaýak” geňeşliginiň golaýyndaky kenarýaka zolaklarda, şonuň ýaly-da, Garşyda we Ajalmada, Garabogazyň töwereklerinde hem-de Ýaňgala düzlüklerinde duş gelýär.

Iş saparynyň çäklerinde meýdan atlaryny surata düşürmek, olaryň bolýan, sonarlaýan ýerlerini hasaba almak hem-de iýýän otlaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça birnäçe maglumatlar toplanyldy. Bu atlaryň gyş paslynda ýowşan, ýaz aýlarynda bolsa gyrtyç, ýylak, arpagan bilen iýmitlenýändigi kesgitlenildi. Meýdan atlary tomus paslynda ýaz otlarynyň samanyndan iýmitlenýärler.

Bu atlar meýdan şertlerine uýgunlaşyp, ululy-kiçili toparlara bölünýärler. Her topar özbaşdak maşgala hasaplanylýar. Şonda dogumly atlaryň biri maşgalabaşy bolup, toparyň düzümindäki atlaryň goraglylygyny hem-de sonarlaýan çäkleriniň kesgitlenmegini üpjün edýär. Ýaňgala düzlüginde şeýle meýdan atlarynyň birnäçe maşgala sürüleri hasaba alyndy.
Ylmy toparyň agzalary meýdan atlarynyň esasy ýaýran ýerlerini, olaryň gelip çykyşyny we daşky görnüşlerini, gezýän öri meýdanlarynyň aýratynlyklaryny öwrendiler. Bu atlar, esasan, sähra giňişliklerinde bolup, süýji suwly akabalara, çeşmelere suwa inýärler.

Meýdan atlary güýz-gyş aýlarynda bu künjegiň öri meýdanlarynda ýowşan, selin bilen iýmitlenýärler. Şeýle hem olar güýz-gyş aýlarynda her gün-günaşa, kähalatlarda iki-üç günden suwa inýärler. Tomusda meýdan atlary her gün suw içmek üçin güzerlere gelýärler. Mundan başga-da, meýdan atlarynyň kak suwlaryny hem suw çeşmesi hökmünde ulanýandyklaryny bellemek gerek.

Ýerli ilatyň bellemegine görä, suw gytçylyk edýän döwründe meýdan atlarynyň Hazar deňzine suwa inýän pursatlary-da bolýar. Olaryň taýçanaklary çalt aýak üstüne galyp, sürä eýerýärler.
Meýdan atlarynyň umumy göwre gurluşy kiçeňräk, berk bedenli, kellesi uly, maňlaýy tüňňüräk, ýaly hem-de guýrugy ösgün bolup, boýny orta uzynlykda, bili berk, sagrysy togalagrak görnüşli atlardyr. Meýdan atlarynyň aýaklary ýognasrak we gara reňkli berk toýnaklary bar. Şeýle hem bu toparyň agzalary meýdan atlarynyň häsiýetli aýratynlyklaryny hem-de olaryň reňkleriniň sazlaşygyny öwrenip, olaryň arasynda dor, gyr we gara, al reňkli atlaryň bardygyny kesgitlediler. Geçirilen barlaglaryň netijesi boýunça meýdan atlarynda dürli hili nyşanyň bardygy, aýaklary sekilli, depelli taýçanaklaryň bardygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem toparyň agzalary ýaňy-ýakynda doglan taýlary hem görendiklerini belleýärler.
Häzirki wagtda Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda ýygnalan maglumatlara seljerme geçirilýär, iýmlik otlaryň nusgalary barlaghana şertlerinde öwrenilýär.

Mahlasy, bu taslama Türkmenistanyň haýwanat dünýäsini öwrenmekde, türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeklerini üýtgewsiz görnüşde geljekki nesiller üçin gorap saklamakda ýene bir möhüm ädim bolar.