"Türkmen atlary"

döwlet birleşigi

Täzelikler

Ähli täzelikler

Atly sport - Konkur

Meýdan atlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär
Atly sport - Konkur
Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen Hormatly at döredildi
Lebap welaýaty toý toýlady
BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI

Türkmenistan Bitaraplygyň – mekany”  şygary astynda geçýän 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ähli ölçegleri boýunça dünýä ülňülerine gabat gelýän Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň ýanyndaky açyk manežde Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramagynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp, atly sportuň konkur görnüşi boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Onuň hemaýatkäri bolup, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi çykyş etdi. Atly sportuň iň bir şüweleňli görnüşi bolan konkur boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty üç tapgyrda çekeleşikli häsiýetde geçip, tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Netijede ezberlere ýeňiş ýaran hem boldy. Netijede Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň atly sport merkeziniň türgeni Nikolaý Beglarýan Toýçy diýen gyr aty 1-nji orna, Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň tälimçi türgeni Ezberguly Babalyýew Terbaş atly gyr aty bilen 2-nji orna, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň atly sport merkeziniň türgeni Seýitymam Seýidow bolsa Akgala diýen aty bilen baýrakly 3-nji ýere mynasyp boldular. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sylag-serpaýlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.