"Türkmen atlary"

döwlet birleşigi

Meşhur atşynaslar

Meşhur atşynaslar

(1884-1972)

Annaguly Kiçiýew

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy,ussat seýis.Annaguly aga ussat halypa-laryñ ýoluny geçen görnükli türkmen seýisleriniñ biri hasaplanýar.Sebäbi ol ýetginjek wagtynda garry seýisleriñ ýanynda oturyp,olaryñ çaý-suwlaryna äñedip, türkmen seýisçiliginiñ köp syrly ýollary hakynda edilýän gürrüñleri diñlän.Ýaşlygyndan şol gürrüñleriñ hüwdisine ýugrulyp, beýnisi bekän oglanyñ bolsa,gelejekde boş bolmajagy köre mälim.Ine onsoñ köp ýyllaryñ aýly gijelerini goja seýisleriñ ýanynda geçiren oglan wagtyñ geçmegi bilen görnükli seýis bolup ýetişýär. Annaguly aga öz seýisçiliginiñ inçeligi, ösdürip ýetişdiren meşhur bedewleriniñ şöhraty bilen öz hünärini il-günine açyp görkezen ussat hasaplanýar. Bu ussadyñ at tebipçiligindenem başynyñ çykandygy barada köp gürrüñler edilýär. Annaguly aganyñ seýis hökmünde esasy artykmaçlygy özünden soñkylara bilenini goýup gitmekdi. Hut şunuñ esasynda-da türkmen seýisçilik sungaty dowam edip, biziñ şu günki günlerimize çenli gelip ýeten. Ussat halypa peder pendine eýerip öz yzynda birnäçe şägirt goýup gitdi. Olar hem (Babaly, Taýly Taýmazowlar.) Annaguly seýis ýaly hünärine ussat seýisler bolup ýetişdiler.    Aslynda-da türkmende belli halypalaryñ ussatlygyna onuñ öz yzynda ýetişdirip giden şägirtleri boýunça baha beripdirler.