


НОВОСТИ

Lebap welaýaty toý toýlady

Bu ajaýyp ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Lebap atçylyk sport toplumynyň durky doly täzelenip, çapuw ýodalaryna atly sportuň iň täze önümi bolan ekologik taýda arassa politrek örtügi düşeldi. Gül-gülälege, bagy-bossana bürenip, baýramçylyk lybasyna beslenen Lebap atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýrarmynyň çäklerinde geçirilýän esasy dabaralaryň bir tapgyr – ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda öz bedewleri bilen bu tutumly toýa gelen ýetginjek hem-de ussat çapyksuwarlaryň baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Lebap topragynda uludan tutulan toý dabaralaryň çäginde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygy aýratyn şowhunly boldy. Bu ýaryşyň netijesinde Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Sazakly geňeşliginden gelen halypa çapyksuwar Täçmyrat Dowulbaýew Perhat diýen gara aty bilen ýeňiji bolup, Gahryman Prezidentimiziň şaserpaýyna – ýeňil awtoulaga mynasyp boldy.
Behişdi bedewlerimiziň şanyna Lebap topragynda tutulan bu ajaýyp toý Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýandygyny, ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeleriň bagtyýarly döwrümiziň ruhuna laýyklykda dowam etdirilýändigini bütin äleme buşlady.
