"Türkmen atlary"

государственное объединение

Знаменитые коневоды

Знаменитые коневоды

(1930-1988)

Begmyrat Myradow

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Bu ussadyñ il içinde ýörgünli ady Ýemşik bolan. Ýemşigiñ çagalygyndan ýazy-gyşy, tomsy-güýzi at ýanynda, at üstünde geçipdi. Gökdepe galasy ýykylmanka ady Eýrana Turana dolan Japy seýisiñ ogly, Gaýypy seýsiñ şägirdi bolan, Ýemşik ady bilen Moskwada, Almatada, Bişkekde, Bakuda, Daşkentde at çapyp, seýisçilik edip tanalan halypanyñ geçen ýoly taryhy ýatlamalara diýseñ baý bolan. Muny Ýemşik aganyñ elinde tälim alan,    Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis derejelerine mynasyp bolan Geldi Annalyýewiñ öz halypasy barada berýän gürrüñleri hem añyrýany bilen ýetik. Ýemşik pahyryñ Garlawaç, Gandikap, Ýalta, Keman, Ýedigen, Kemal, Dorsekil diýen atlary örän gowy çapardy. Has-da ol Gandikap diýen aty bilen köp baýraklar aldy. Ýemşik pahyryñ at çapyşy çakyñ däldir diýip, Geldi aga köp gürrüñ edýär. 1946-47-nji ýyllar Aşgabada öñki Soýuzyñ köp künjeginden at çapmaga gelerdiler. Şonda olar bilen aýak deñläp bilýän halypasynyñ ýagny Gaýypy seýsiñ atlary bolupdyr, olary bolsa Ýemşik çapypdyr. Ol bir möwsümde Ýedigen diýen aty bilen ýedi baýrak alypdy pahyr diýip, öz halypasyny ýatlaýar. Geldi aga ata ideg-issiwat edip oñarmadyk, oña münip-düşüp bilmedik, at üstünde eden hereketi gelişmedik atbakarlara Ýemşik pahyry getirip, bir käýitsediñ diyip, aýdardy. Sebäbi Ýemşik aga atlaryny diýseñ gowy görerdi. Olary ýeke ogly Döwletden hem, ileri tutýan ýeri kändi diýip, köp adamdan eşderdik. Ol öz ömrüniñ soñky günlerine çenli at çapyp baýrak alan adam. Ýemşik aga ölmeziniñ öñ ýanynda Bişkekde at çapyp, dört gezek birinji bolup gelipdi pahyr diýip, gynançly buýsanç bilen Geldi aga ýatlaýar. Ömrüni ata baglan Ýemşik seýisiñ ýeke ogly Döwlet bolsa, kakam ölmeziniñ öñ ýanynda Garlawajyny münüp gezelenç etdi, şol güniñ gijesi bolsa 58 ýaşynda dünýeden ötdi diýip, öz pederini ýatlap gürrüñ berdi.