"Türkmen atlary"

государственное объединение

Знаменитые коневоды

Знаменитые коневоды

(1928-1991)

Aşyr Garrybaý

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis. Ömür tanapyny ata baglan Aşyr aga öz döwrüniñ belli seýsi Hally seýsiñ agtygydyr. Onuñ geçen durmuş ýolunyñ öz boluşly ýatlamasy bar. Entäk 10-12 ýaşly oglanka çapyksuwarlyga başlap, at çapmaklygyñ inçe tilsimlerini ele alyp, wagtyñ geçmegi bilen öz ukybyny il-güne görkezip ugraýar. Onuñ bu ugra içgin çemeleşmesi ussat seýis bolup ýetişmegine getirýär. Aşyr aga örän hasaply seýis bolupdyr. Bu bolsa onuñ beýlekilerden artykmaçlyk edýän esasy tarapydygyny il-gün nygtap,    Aşyr aga seýisçilik hakdan berlen adam diýýärler. Ussat halypa seýis barada oýlanan her bir adamyñ göz öñüñe onuñ meşhur «Dagly», «Arkadag», «Peleñ», «Akbilek» ýaly ajaýyp atlary geler. Merhum seýis öz gezeginde türkmen seýisçilik sungatynyñ inçe tärlerini ogullaryna, şägirtlerine öwredip giden halypa seýisleriñ biri. Onuñ ömür tanapy hem hut gözüniñ açyp göreni bolan behişdi bedewleriñ arasynda üzülýär.