"Türkmen atlary"

государственное объединение

Знаменитые коневоды

Знаменитые коневоды

(1936-1990)

Ata Ilew

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Çagalygy uruş döwrüne gabat gelen bu ýetginjegiñ hakyky ady Nazar bolup (Ata ady dakylan), onuñ ýaşlygyndan gözüni açyp göreni at, ilkinji suw-ot berip başyny tutany at, üstüne müneni at bolansoñ ýaşajyk Atanyñ gelejeginiñ uly boljagy gümansyzdy. Ata Ilewi belli seýis D.T.Klimenko bu ugra has içgin ugrukdyran adam. Gelejekki ussat seýis we çapyksuwar hut şu ýerdenem atçynaslyk sungatyna has içgin aralaşyp, özüniñ ilkinji şöhratly ýeñişlerini gazanyp ugraýar. Ata Ilewiñ seýislän we çapyksuwarlyk eden atlary Aşgabatdyñ, Moskwanyñ, Pýatigorskiniñ, Tiblisiniñ, Krasnodaryñ, Don boýundaky Rostowyñ aýlawlarynda ençe gezek ýeñiş gazandylar. Bu ussat barada söz açan, her bir adam onuñ ussat çapuksuwarlygy barada dil ýarman oturyp bilmez.