"Turkmen atlary"

State association

News

All news

Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen Hormatly at döredildi

Meýdan atlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär
Atly sport - Konkur
Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen Hormatly at döredildi
Lebap welaýaty toý toýlady
BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI

2020-nji ýylda ýurdumyzyň atçylyk pudagynda amala aşyrylan şatlykly wakalaryň hatarynda Naýbaşy baýramymyz Garaşsyzlygymyzyň

29 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň

gol çeken Kanunyna laýyklykda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen

hormatly adyň döredilendigini aýratyn belläp bileris. Ömrüni arzyly hünäre bagyş eden ençeme atşynaslarymyzyň çekýän halal zähmetine mynasyp baha boljak bu hormatly adyň Nyşany, Düzgünnamasy hem Ýazgysy metbugatda çap edildi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda atşynaslarymyzyň durmuş medeni ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, atçylyk pudagynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda atşynaslarymyzyň çekýän asylly zähmetlerine mynasyp baha bermek maksady bilen Döwlet sylaglarynyň we Hormatly atlaryň yzygider döredilýändigini bellemek gerek. Mundan öň hem «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr.