


News

BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI

Meýdan atlarynyň aýratynlyklary öwrenilýär
More


Atly sport - Konkur
More


Türkmenistanda «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen Hormatly at döredildi
More


Lebap welaýaty toý toýlady
More


BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA SERGI
More


2020-nji ýyl şanly wakalara baý boldy. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän bu ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 10 ýyllyk ýubileýi bellenildi. Şeýle-de bu şanly ýylda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň toýlanmagy ýylyň esasy syýasy wakasy boldy. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş 12 gün dowam eden Halkara sergisi gurnaldy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilen sepgitler barada giňden gürrüň berýän Halkara gözden geçirilişe “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem öz diwarlyklary bilen gatnaşdy. Halkara serginiň 2-nji güni keremli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen behişdi bedewleriň görkezilişi gurnaldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň diwarlyklarynda atçylyk pudagynyň ýeten döwrebap derejesi, bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk öz beýanyny tapdy. Serginiň dowamynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň degişli guramalarynyň arasynda atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen Çarçuwaly ylalaşyk hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda atçylyk pudagynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny, ýer ýüzünde behişdi bedewlerimize bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny aýdyň görkezdi.
