"Turkmen atlary"

State association

Famous riders

Famous riders

(1939-1975)

Baba Annaseýidow

Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar. Bu ussadyñ geçen ýoly, galdyran yzy ýatlarlyga mynasypdyr. Ol ahalteke atlary bilen Aşgabadyñ, Moskwanyñ, Pýatigorskiniñ, Tbilisiniñ, Krasnodaryñ, Don boýundaky Rostowyñ aýlawlarynda köp gezek ýaryşa goşulyp, ýeñiji bolup, uly märekäniñ şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan türkmen ýigitleriniñ biri. Ol ussat çapyksuwar, hem seýis hökmünde ýatlanýar. Baba aga elmydama at çapjak ýetginjeklere her bir atyñ öz aýagyna görä, onuñ güýjini ýeri gelende ulanmagy ündeýärdi. «Şuny añlap bilseñiz her biriñiziñem atyñyz sizi ýüzigara etmez» diýip sargardy diýip, Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy, ussat seýis, ussat çapyksuwar Ilmyrat Agamyradow gürrüñ berdi. Bu onuñ özboluşly, biçiwli at çapmagynyñ we şonuñ ýaly hem at seýislemeginiñ inçe tilsimidi. Häzir Baba aganyñ şol öz boluşly atçynaslyk ugryny ele alan ogullary ussat çapyksuwar bolup ýetişdiler.