turkmenatlary@online.tm

      Beıik Galkynyşlara we täze özgertmelere beslenıän Türkmenistan Döwletimiziň taryhyna öçmez sahypa bolup ıazylan, ıurdumyzyň XX Halk Maslahatynda döwletimizde oba hojalyk pudagyny düıpli özgertmek barada möhüm çözgütler kabul edildi. Türkmen obalaryny galkyndyrmak, olarda düıpli özgerişleri amala aşyrmak, ekerançylygy, maldarçylygy has-da ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda täze döwür başlandy.

      İurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ähli işgärleri bilen birlikde, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginde atçylyk pudagyny ösdürmek babatynda hem giň möçberli işler durmuşa geçirilıär. Birleşikde ahalteke tohum atlarynyň dünıä ıüzündäki şöhratyny öňkiden-de mahabatlandyrmak, atçylykda seçgi-tohumçylyk işleriniň has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmek, tohum atlaryň baş sanynyň artmagy bilen baglanşyklylykda, olaryň syn-sypatyny gowulandyrmagyň, bar bolan atlary şejere ugurlary boıunça köpeltmegiň dürli usullaryny kämilleşdirmek hem-de ahalteke atlarynyň täze ugurlaryny döretmek boıunça degerli çäreler işlenilip düzülıär.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginde ahalteke tohum atlarynyň dünıä ıüzündäki şöhratyny has-da mahabatlandyrmak maksady bilen türkmen atşynaslary halkara ıaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp baırakly orunlara mynasyp bolup geldiler.

       2008-nji ıylyň maı aıynyň 17-18-i aralygynda Özbegistan respublikasynyň Medeniıet we sport işleri baradaky ministrliginiň hem-de Özbegistan respublikasynyň atçylyk sporty federasiıasynyň goldawyndaky jogapkärçiligi çäklendirilen “Ahalteke-şer” jemgyıetiniň çagyrmagy boıunça Daşkent şäherinde “Türkistanyň ıyldyzy” ady bilen geçirilen açyk çempionata «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň 14 adamdan ybarat ıygyndy topary we saılanyp alynan 8 baş ahalteke atlary bilen gatnaşdylar.

Bu açyk çempionata gatnaşan türkmen atşynaslary mümkin bolan ıedi sany baıragyň altysyna mynasyp bolup ata watana uly ıeňiş bilen gaıdyp geldiler.

      «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň düzümine 7 sany kärhana girıär. Köpıyllyk seçgi-tohumçylyk meıilnamalaryny taııarlamak birleşigiň atşynaslarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durıar.

Atlaryň baş sanyny köpeltmegiň esasy ösüşi, mal lukmaçylygy çäreleriniň dogry we dürs gurnalmagyny ıola goımak, şeıle hem keseliň öňüni alyş çärelerini işläp düzmek bilen ene baıtallary höwür atlara saılap jübütleşdirmek arkaly olaryň doly derejede ıygylmagyny gazanmak arkaly olardan alynıan sagdyn ıaş ösdürim taılaryň baş sanyny artdyrmak, şeıle hem atlaryň idedilişini döwrüň talabyna laıyklykda öňkiden-de gowulandyrmagyň hasabyna göz öňünde tutulıar.

       Mundan hem başga halkara ölçeglerine laıyklykda tohum atlaryň döwlet tohumçylyk kitabynyň II tomy çapa taııarlanyp neşir ediler, döwlet tohumçylyk kitabynyň III tomuny çapa taııarlamaklyga girişiler. Şonuň bilen bir hatarda ıokary we ıörite bilim berıän mekdepleriň talyplary, okuwçylary üçin atçylyk boıunça okuw kitaplaryny, gollanmalary taııarlamak işleri hem ünsden düşürilmez.

       Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ıylyň sentıabr aıynyň 22-ne çykaran 9068 belgili Karary esasynda, Türkmenistanyň Merkezi döwlet aılawynyň durkuny halkara derejesine gabat gelıän nusgada täzelemek, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak we ony 2008-nji ıylda doly derejede tabşyrmak maksady bilen düıpli gurluşyk işlerini ıerine ıetirmeklik üçin Döwlet serişdesiniň hasabyna 22804000 amerikan dollary meıilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri doly depginlerde dowam etdirilıär, nesip bolsa 2008-nji ıylyň oktıabr aıynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 17 ıyllyk baıramçylygynyň dabaralarynyň bellenilıän günlerinde durky täzelenen ajaıyp döwlet aılawynyň doly derejede işläp başlamagyna garaşylıar.

        Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly pähim-paıhasa ıugrulan, öňdengörüjilikli syıasatlaryndan ugur alyp täze galkynyşa beslenıän ata Watanymyzda kalby joşgunly türkmen atşynaslaryny buısandyran 2008-nji ıylyň ıanwar aıynyň 31-ine kabul eden 9438 belgili taryhy Karary esasynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň merkezi edarasynyň döwrebap iş şertlerini döretmek maksady bilen ajaıyp binany sowgat bermegi türkmen atşynaslarynyň kalbyny joşa getirdi, ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda sünnäläp döreden nurana bedewlerine mundan beıläk-de yhlas etmek, olary saklamak we nesil ugurlary boıunça köpeltmek, baş sanyny artdyrmak ugrunda gije-gündiz gaıratly zähmet çekmäge bize uly ruhubelentlik we egsilmez güıç-kuwwat berdi.

        Bu ajaıyp binanyň içki durkyny döwrebap abatlaşdyrmak, türkmen atşynaslygynyň milli muzeıini döretmek işleri birleşigiň öz serişdeleriniň hasabyna ıerine ıetirmek bilen 2008-nji ıylyň oktıabr aıynda işe girizmeklik göz öňünde tutulıar.

       Döwletimiziň paıtagty gözel Aşgabadymyzda halkara ülňülerine laıyk gelıän döwlet aılawynyň bolmagy türkmen atşynaslygynyň ösüp-örňemeginde, halkara derejeli atly sport ıaryşlaryny, at çapyşyklaryny gurnamakda, ıurdumyzda bellenip geçirilıän ähli milli baıramlarymyzyň has-da dabaralanmagynda bahasyna ıetip bolmajak ähmiıete eıe bolar. İurdumyzyň ilaty we diıarymyza dünıäniň dürli döwletlerinden gelıän myhmanlar bu ıerde behişdi türkmen bedewlerimiziň gözelligini ıakyndan synlap, egsilmez ruhy lezzet alarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taısyz tagallasy, atalyk aladalary we gönümel tabşyryklary esasynda eziz diıarymyzyň ähli welaıatlarynda halkara ülňilerine gabat gelıän döwrebap aılawlary gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi.

       Häzirki wagtda bu bäsleşige gatnaşmak maksady bilen ady belli gurluşyk kompaniıalarynyň we firmalarynyň otuzdan-da gowragy isleg bildirdiler. Munuň özi bolsa welaıatlarda bina boljak bu ajaıyp desgalaryň aňry başy derejede guruljakdygynyň aıdyň kepili bolup hyzmat edıär.

Geljekki ıakyn ıyllarda beıleki welaıatlarymyzda hem döwrebap täze aılawlaryň gurulmagy behişdi bedewlerimiziň ösüp-örňemeginde, olaryň has-da kämilleşdirilmeginde bahasyna ıetip bolmajak ähmiıete eıe bolar.

"Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň baş binasy